TDHÇMB: bahasy 22,6 million manada golaý bolan portlandsement satyldy

BT
TDHÇMB: bahasy 22,6 million manada golaý bolan portlandsement satyldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe günündäki söwdalaşyklarynda umumy bahasy 22 million 550 müň manat bolan portlandsement satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär. 

Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna 40 müň ABŞ dollarlyk hlor natriýsini satyn aldylar. Birža söwdalaşyklarynda ýerlenilen önümler “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň tehnologiýa düzümlerinde öndürildi. 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda 23 geleşik hasaba alyndy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

2022