Balkan welaýatynda karbamid önümçiligi boýunça zawod gurlar

BT
Balkan welaýatynda karbamid önümçiligi boýunça zawod gurlar
“Garabogazkarbamid” zawody, Balkan welaýaty, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde çarşenbe güni Tokio şäherinde Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda karbamid önümçilik zawodyny gurmak hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

Bu resminama kuwwatlylygy ýylda 1,155 müň tonna karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýar. Degişli ylalaşyk «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda baglaşyldy. 

2018-nji ýylda Türkmenistanda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid we 660 müň tonna sintetik ammiak öndürmäge niýetlenen “Garabogazkarbamid” zawody ulanylmaga berildi. Onuň önümçiliginde çig mal hökmünde esasan tebigy gaz ulanylýar. 

Şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Toyo Engineering Corporation» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) kompaniýalar toparynyň arasynda Gyýanlydaky polimer zawodyny düýpli abatlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda ýene-de bir Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022