Türkmenistan we Günorta Koreýa senagat desgalarynyň gurluşygynda hyzmatdaşlygy ösdürmekçi

BT
Türkmenistan we Günorta Koreýa senagat desgalarynyň gurluşygynda hyzmatdaşlygy ösdürmekçi
Derýageldi Orazowyň Jin Hýon Hwan bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 18-nji apreli, Seul, Günorta Koreýa (Surat: news1.kr)

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheri boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň ýer, infrastrukturalar we ulag ministriniň birinji orunbasary Jin Hýon Hwan bilen duşuşygy boldy. “Akylly” şäherler ulgamynda we döwrebap senagat desgalaryny gurmakda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri gepleşikleriň esasy mazmunyny emele getirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýekşenbe güni habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar

Saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň dolanyşygynda üstünlikli işleýän birnäçe senagat desgalaryna baryp gördüler. Ministriň birinji orunbasary Jin Hýon Hwan senagat gurluşygy ulgamynda Koreýa Respublikasynyň ägirt uly kuwwatlyklarynyň we tejribeleriniň bardygyny belledi hem-de hyzmatdaşlygyň netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şu ýylyň 18-nji aprelinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni we Günorta Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasy Türkmenabat şäherinde umumy bahasy 700 million ABŞ dollar bolan mineral dökünleri öndürýän zawodyň taslamasyny durmuşa geçirmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022