1954-nji ýyldan bäri Rumyniýada himiýa önümleri esasy öndüriji we üpjün ediji “Chimcomplex” kompaniýasy senagat ösüşine hem-de ykdysady hyzmatdaşlyga ýardam bermek maksady bilen “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen bilelikde türkmen-rumyn himiýa kärhanasyny döretmek teklibi bilen çykyş etdi. Bu barada kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ştefan Wuza çarşenbe güni Kuala-Lumpur şäherinde açylan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maýa goýum forumynda mälim etdi.
Bilelikdäki hyzmatdaşlyk Türkmenistanda himiýa önümleriň önümçiligini giňeltmäge gönükdirilen 4 sany iri taslamany durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. Şunda gürrüň esasan gipohlorid natriýsiniň, poliollaryň, poliwilinhloridiň we beýleki himiki serişdeleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy bilen baglanyşyklydyr.
Ştefan Wuza Türkmenistanyň himiýa pudagyny emele getirýän mümkinçiliklerden peýdalanmaga maýadarlary çagyrdy. Baý tebigy serişdeleriň, amatly ykdysady syýasatyň we strategik taýdan amatly ýerleşişiň utgaşygy Türkmenistany ösüş we girdejileri gazanmak üçin amatly ýurda öwürýär. Onuň nygtamagyna görä, okgunly ösýän bu bazara gönükdirilýän maýa goýumlar Türkmenistanyň, şol sanda Rumyniýanynyň ykdysady ösüşine we abadançylygyna ýardam eder.
Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2025) Kuala-Lumpur şäherinde 24-nji aprele çenli dowam eder.