Köneürgenç etrabynda täze mekdep we çagalar bagy gurlar

BT
Köneürgenç etrabynda täze mekdep we çagalar bagy gurlar
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde täze mekdebiň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabry (Surat: TDH)

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde gurulýan täze şäherçede şol bir wagtda 420 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň we 160 çaga niýetlenen çagalar bagynyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Mekdebe çenli bilim edarasynyň gurluşygy “Sebit” hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýar. Iki gektardan gowrak çägi bolan gurluşyk meýdançasynda çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeginden başlap, informatikanyň we döredijilik bilen meşgullanmagyň esaslaryna hem-de arassa howada işjeň dynç almagyna çenli toplumlaýyn ösüşi üçin şertleriň döredilmegi meýilleşdirilýär. 

Mekdebiň gurluşygy bolsa “Batly gadam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýär. Bilim edarasynda okatmak we terbiýelemek üçin döwrebap şertler, şol sanda kompýuter tehnikalary bilen üpjün edilen otaglar döredilendir. 

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde şeýle hem 700 sany söwda nokady bolan döwrebap bazaryň gurluşygy hem meýilleşdirilýär

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022