Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) geçen hepdedäki söwdalaşyklarynda jemi 11 geleşik hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçileri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň tehnologik düzümlerinde öndürilen ýol bitumyny satyn aldylar.
Birža söwdalaşyklarynda şeýle hem düşekçe ýapynja toplumy, nah ýüplügi, gazbeton bloklary, buýan köki we onuň ekstrakty satyldy. Olary satyn alanlar BAE, Serbiýa, Gyrgyzystan ýurtlarydyr. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 652 müň ABŞ dollaryndan geçdi.
Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin 3 million manatlyk polipropilen satyn aldylar.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.