Türkmenistanyň Prezidenti Fridrih Mersi Germaniýanyň kanslerligine saýlanmagy bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Fridrih Mersi Germaniýanyň kanslerligine saýlanmagy bilen gutlady
Germaniýanyň täze saýlanan Kansleri Fridrih Mers (Surat: euronews.com)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fridrih Mersi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow özüniň hatynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň barha ösýändigini nygtap, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze derejä çykaryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Fridrih Mersa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, täze wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hristian-demokratik partiýasynyň we Hristian-durmuş bileleşiginiň ýolbaşçysy Fridrih Mers 6-njy maýda Bundestagda geçirilen ses berişligiň ikinji tapgyrynyň jemleri boýunça Germaniýanyň täze federal kanslerligine saýlanyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022