Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň we 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow şäheriň etegindäki täze ýaşaýyş toplumlarynyň birinde lukmançylyk babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän Saglyk öýüniň gurluşygynyň batly depginde alnyp barylýandygyny aýtdy.
Wise-premýer şeýle hem jemgyýetiň ruhy taýdan baýlaşmagyna uly goşant goşýan medeniýet we sungat işgärleri üçin döwrebap meýdança boljak 4 müň orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi. Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy hem işjeň alnyp barylýar.
Mundan başga-da, paýtagt şäheriň günortasynda “Bitaraplyk” binasynyň çägini abadanlaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan iki sany muzeýiň açylmagy meýilleşdirilýär.
Lukmançylyk desgalarynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň möhüm bölegidir.