Türkmenistanda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görülýär. Bu dabaralara taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi.
Bellenilişi ýaly, baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde haly we haly önümleriniň sergisi guralar. Däp bolan sungaty ösdürmekde mynasyp goşant goşan,
“Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy möhüm çäreleriň birine öwrüler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Şeýle hem Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa Türkmenistanyň medeni mirasy bilen gyzyklanýan daşary ýurtly alymlar, hünärmenler we halyşynaslar gatnaşarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli halyşynaslyk sungatyny gorap saklamagyň we wagyz etmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem ähli baýramçylyk çäreleriniň, şol sanda halkara forumyň we serginiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigi tabşyryldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.