Türkmenistanyň deňiz portlarynda we port nokatlarynda nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmegiň täze Düzgünleriniň taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow penşenbe güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ugurdaş döwlet edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan bu resminama ýangyç-energetika toplumynda logistika amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nebitgaz pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň, şol sanda eksport düzümlerini kämilleşdirmegiň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany hödürlenen taslamany makullap, bellenilen çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.