Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde Aşgabat şäherinde täze “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkezini gurmak hakynda” Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedowyň mälim etmegine görä, täze merkez 4 gektar çäkde gurlar. Onuň düzümine baş bina, kitaphana, sport we medeni-köpçülik çäreleri üçin zolaklar, oýun meýdançalary we kömekçi desgalar giriziler. Bu taslama çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşi hem-de zehinli ýaşlary goldamak üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna merkezde ýerleşjek çagalar kitaphanasynda asman giňişligini synlamak üçin obserwatoriýa otagyny gurnamak meýilleşdirilýär. Ol häzirki zaman sanly tehnologiýalar bilen üpjün ediler.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurtda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ähli ýerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, sport-sagaldyş toplumlary we dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we 2027-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga taýýar etmek bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy hem-de ýurduň ähli halkyny bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.