Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede milli manatda geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 88 million 437 müň manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin nebit ýol bitumyny, polipropileni we binýatlyk ýagy (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem portlandsementi, nah ýüplügi we nah matany, dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň telekeçilerine arassalanan nah matanyň galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 367 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.