Azerbaýjanyň “Gedik Kaynak” kompaniýasy Türkmenistana elektrod eksport edip başlady

BT
Azerbaýjanyň “Gedik Kaynak” kompaniýasy Türkmenistana elektrod eksport edip başlady
“Gedik Kaynak” kompaniýasynyň zawody (Surat: economiczones.gov.az)

Neftçala senagat sebitinde ýerleşýän “Gedik Kaynak” kompaniýasy Türkmenistana ilkinji elektrod eksportyny amala aşyrdy.

Ilkinji tapgyrda Türkmenistana 100 tonna elektrod ugradyldy. Bu barada sişenbe güni Azerbaýjan Ykdysadyýet ministrliginiň Ykdysady zolaklary ösdürmek agentligi habar berdi.

“Gedik Kaynak” kompaniýasy 2021-nji ýylda senagat sebitiniň rezidenti statusyny aldy. Kärhana sekiz ölçegde iki görnüşli elektrodlary öndürýär we onuň aýlyk önümçilik kuwwaty 300 tonnadan ybarat bolup durýar.

7,5 million manatlyk maýa goýum bilen döredilen bu önümçilik 20 adama hemişelik iş orun bilen üpjün etdi.

 

2022