Täze tomus möwsüminden başlap, Türkiýede “Gije muzeýler” taslamasy ýene-de işe girizildi. Bu taslama laýyklykda, syýahatçylar ýurduň iň möhüm taryhy ýadygärliklerine agşam hem baryp bilerler. Şu ýyl bu programma ýurt boýunça 27 desgany — Stambuldaky Galata diňinden başlap, Kappadokiýadaky ýerasty şäherleri we Efes harabalyklaryny öz içine alýar. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan 2023-nji ýylda başlanan bu başlangyç, eýýäm 395 müňden gowrak adam tarapyndan baryp görüldi. Bu taslama diňe bir gün batan soň muzeýleri janlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem syýahatçylaryň sanynyň deň paýlanmagyna hem ýardam berýär we syýahatçylygyň durnukly ösmegine mümkinçilik döredýär.
Stambul şäherinde Arheologiýa muzeýi, Aýa-Sofiýa muzeýi hem-de Türk we yslam sungatynyň muzeýi sagat 22:00-a çenli öz işini alyp barar. Galata diňi bolsa sagat 23:00-a çenli açyk bolar. Ankara şäherinde bolsa Anadol medeniýetleriniň muzeýi bilen Etnografiýa muzeýi gijeki myhmanlar üçin sagat 21:00-a çenli hyzmat eder.
Antik döwrüň esasy gymmatlyklarynyň biri bolan Efes muzeýi hepdede dört gün sagat 23:00-a çenli syýahatçylary kabul eder. Bodrumdaky suwasty arheologiýa muzeýi, şeýle hem Antalýa, Alanja şäherlerindäki muzeýler, nekropollar we Aspendos, Patara hem-de Side ýaly taryhy ýadygärlikler öz işini sagat 22:00-a çenli uzaltdylar.
Ýurduň günorta-gündogarynda ýerleşýän meşhur Zewgma mozaika muzeýi (Gaziantep şäherinde) hem-de Türkiýäniň iň uly muzeýi — Şanlyurfa muzeýi hem bu taslama degişli bolup durýar. Bu ýerlerde neolit hem-de bürünç asyry bilen baglanyşykly müňlerçe arheologik tapyndy saklanylýar. Bu iki muzeý hem sagat 21:00-a çenli myhmanlar üçin açyk bolar.
Adyýaman welaýatynda ýerleşýän ÝUNESKO-nyň aýratyn goralýan ýadygärligi bolan Nemrut-Daga hem agşam syýahatçylary kabul eder we syýahatçylar sagat 4:00-dan 9:00-a çenli gün doguşyny beýik heýkelleriň arasynda garşy alyp bilerler. Kappadokiýadaky Derinkuýu, Kaýmakly we Özkonak ýaly ýerasty şäherler hem sagat 21:00-a çenli açyk bolar.
Şeýle hem gijelerine Samsun, Denizli we Erzurumdaky muzeýler hem myhmanlara gapylaryny açarlar. Şeýlelikde, Türkiýe ýyl boýy we agşamky wagtlarda köp sagatly medeni syýahatçylygy ösdürmek ugrundaky syýasatyny dowam etdirmek bilen bu mümkinçilikleriň ýurduň 81 welaýatynda elýeterli edýär.