Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Durun abat” hojalyk jemgyýeti ýakynda “Rowaç” hem-de “MFT” haryt nyşany bilen öndürýän miwe şire suwlaryny Gazagystana eksport edilip başlady. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.
“Durun abat” hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde ýerleşip, bu ýerde ekologiýa taýdan arassa, tebigy önüm bolan “Rowaç” hem-de “MFT” haryt nyşanly miwe şire suwlarynyň önümçiligi alnyp barylýar.
“Kärhanamyzda işine ezber ýaşlaryň onlarçasy zähmet çekip, olar Ýewropanyň kämil tehnologiýaly enjamlaryna ussatlarça erk edýärler. Şoňa görä-de, käşiriň, şugundyryň, almanyň we beýleki miweleriň şireleri alnyp, olardan taýýarlanýan içgiler raýatlarymyzyň ähli talaplaryny ödeýär. Çünki önümlerimizi konserwantsyz, himiki reňkdir ys berijisiz taýýarlamaga aýratyn üns berýäris” diýip, hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Myrat Allaýazow gürrüň berýär.
Kärhana geljekde ýerli çig malyň hasabyna miwe şire suwlarynyň görnüşiniň sanyny has-da artdyrmagy meýilleşdirýärler.