Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda (TDHÇMB) çarşenbe güni geçirilen söwdalarda ýerli telekeçiler jemi bahasy 81 million 958 müň manada barabar bolan Türkmenistanyň derman we dokma senagatynyň önümlerini satyn aldylar.
TDHÇMB-nyň habar bermegine görä, içerki bazar üçin ýerli işewürler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde öndürilen buýan köküniň gury ekstraktyny we Dokma Senagaty ministrliginde öndürilen nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem birža söwdalarynda Owganystandan we BAE-den gelen işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen “SN-350” kysymly başlangyç ýagy we “BND 60/90” kysymly ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da Gyrgyz Respublikasynyň işewürleri ýerli telekeçilerden dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Geleşikleriň umumy bahasy 947 müň 380,12 ABŞ dollaryna barabar boldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.