Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) şenbe güni milli manatda geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 987 million 278 müň 565 manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.
Içerki bazar üçin ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly ýol bitumyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “A” kysymly tehniki ýody, “Ý-354” kysymly tehniki gurumyny we ownuk görnüşli kaliý hloridyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden gelen işewürler “BND 60/90” kysymly ýol bitumyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 440 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şenbe güni geçiren söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt walýutasynda geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 2 million 283 müň 790,12 ABŞ dollaryna we milli manatda geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 1 milliard 139 million 682 müň 165 manada barabar boldy.