TDHÇMB-niň duşenbedäki söwdalaşyklary: eksport geleşikleri $15 milliona golaýlady

BT
TDHÇMB-niň duşenbedäki söwdalaşyklary: eksport geleşikleri $15 milliona golaýlady
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalaşyklarda 14 million 942 müň 350 ABŞ dollaryna barabar bolan eksport geleşikleri baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Owganystanyň we ABŞ-nyň işewürleri suwuklandyrylan gaz satyn aldylar.

Ýerli işewürler içerki bazar üçin “BND 60/90” kysymly ýol bitumyny, “Ý-354” kysymly tehniki gurumyny, pagta übtügini we dokma önümlerini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Geleşikleriň jemi bahasy 33 million 408 müň 896,60 manada deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepde geçiren söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy. 

2022