Gazagystan bilen Türkmenistanyň araçäginde ýerleşýän täzelenen “Temir baba” awtoulag geçelgesiniň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ulanyşa berilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdejileri baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary Bakytjan Slýamow Gazagystanyň Prezidentiniň ýanyndaky “Merkezi aragatnaşyk gullugynyň” metbugat maslahatynda habar berdi.
Gazagystanyň döwlet edaralarynyň internet-resurslarynyň Bilelikdäki platformasynyň penşenbe güni habar bermegine görä, bu döwrebaplaşdyrma işleri ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça 2018-nji ýylda başlanan milli taslamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Esasy üns bolsa Hytaý, Özbegistan we Türkmenistan bilen bolan daşarky serhetlere gönükdirilýär.
Bakytjan Slýamowyň bellemegine görä, bu taslama tizligiň, howpsuzlygyň, netijeliligiň we rahatlygyň ýörelgelerine esaslanýar. Geçelgeler häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylýar hem-de ýük we ýolagçy akymynyň artmagyna laýyklykda täzeden gurulýar.
Şu ýylyň dowamynda eýýäm “Kaplanbek”, “Atamekan”, “Kolžat” we “Alakol” geçelgelerinde işler tamamlandy. Galan geçelgeleriň hatarynda bolsa “Kazygurt”, “Tajen”, “Temir baba”, “Maýkapçagaý” we “Bahty” bar. Olaryň hem şu ýylyň ahyryna çenli işe girizilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistan Aşgabat we Almaty şäherleriniň arasynda göni uçar gatnawlaryny 2025-nji ýylda gaýtadan dikeltmek mümkinçiligini öwrenýär.