“Nurly meýdan” ýylda 12 million jüýje çykarýan inkubator toplumyny açdy

BT
“Nurly meýdan” ýylda 12 million jüýje çykarýan inkubator toplumyny açdy
Inkubatorda çykarylan jüýjeler (Surat: dolgovagro.ru)

“Nurly meýdan” daýhan hojalygy ýakynda ýylda 12 million jüýje çykarmaga niýetlenen inkubator toplumy işe girizdi. Bu barada penşenbe güni çap edilen “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Balkan welaýatynyň  Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän “Nurly meýdan” daýhan hojalygy guşçulyk, ekerançylyk we maldarçylyk ugurlary boýunça iş alyp barýar.

Habarda bellenilişi ýaly, daýhan hojalygynyň 10 gektar meýdanda ýerleşýän, kuwwaty ýylda 8 — 16 million ýumurtga öndürmäge niýetlenen döwrebap guşçulyk toplumynda towuklary talabalaýyk idetmek we köpeltmek üçin ähli şertler bar. Toplumyň önüm öndürijiligi gün-günden artyp, häzirki wagtda günde 4 müň ýumurtga alynýar.

Guşçulyk toplumynda öndürilýän “Nurly meýdan” haryt nyşanly ýumurtga we et önümleri söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata ýetirilýär. Bu ýerde sagatda 10 tonna iým öndürýän zawod bolup, onda mallar üçin ot-iým önümçiligi ýola goýuldy.

2022