Daşoguzda 600 orunlyk döwrebap mekdep gurulýar

BT
Daşoguzda 600 orunlyk döwrebap mekdep gurulýar
Türkmenistanda gurluşyk işleri alnyp barylýar. (Surat: TDH)

Daşoguz şäheriniň demirgazyk böleginde, “Gülistan” ýaşaýyş toplumynda 600 okuwça niýetlenen täze orta bilim berýän mekdebiň gurluşygyna badalga berildi. Bu desganyň gurluşygyny “Mäkäm” hususy kärhanasy amala aşyrýar. Gurluşyk işleri 3,5 gektar meýdanda alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Täze mekdep häzirki zaman bilim ülňülerine laýyk bolup, iki gatly binada giň otagly synplar, administratiw otaglar, kitaphana, mejlisler zaly, sport zaly, naharhana we oglan-gyzlar üçin aýratyn zähmet synpy göz öňünde tutulýar. Okuw binasynda ornaşdyryljak lingafon otaglary we informatika synplary daşary ýurt dillerini we sanly sowatlylygy öwrenmek üçin ähli şertleri döreder.

Mekdebiň ýanaşyk ýerinde emeli örtükli futbol meýdançasy, geografiýa, zoologiýa we ýol hereketiniň düzgünleri boýunça okuw meýdançalary, sport zolaklary we tehniki desgalar ýerleşdiriler. Mekdebiň töweregi abadanlaşdyrylyp, ýaşyl zolaga öwrüler we köçe yşyklary bilen üpjün ediler.

Mekdep täze gurulýan çagalar bagynyň ýanynda ýerleşip, bu ýaşaýyş toplumynda bitewi bilim ulgamyny emele getirýär. Öňdebaryjy tehnikalaryň hem-de döwrebap okuw usullarynyň ulanylmagy okuwçylaryň akyl we döredijilik ukyplarynyň ösüşi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilýär.

Daşoguz welaýaty bilim edaralarynyň ulgamyny giňeltmegi işjeň dowam etdirýär. Welaýat boýunça 500-den gowrak mekdep, şol sanda internatlar hereket edýär. Mekdepleri sanlylaşdyrmakdan başlap, howpsuzlygy ýokarlandyrmak we maddy-enjamlaýyn binýady gowulandyrmak ýaly çäreler häzirki zaman bilim gurşawyny döretmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup galýar.

2022