“Nurly meýdan” her aý 200­-250 müň jüý­je alýar

BT
“Nurly meýdan” her aý 200­-250 müň jüý­je alýar
In­ku­ba­si­ýa şert­le­rin­de alynýan jüýjeler (Surat: "Rysgal" gazeti)

“Nurly meýdan” daýhan hojalygynda ene­lik to­wuk­la­ryň 16 mü­ňe go­la­ýyny idedilip, olar­dan her aý­da in­ku­ba­si­ýa şert­le­rin­de 200­—­250 müň ara­ly­gyn­da jüý­je alynýar. Bu barada duşenbe güni çap edilen “Rysgal” gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, daý­han ho­ja­ly­gy Bal­kan we­laýa­ty­nyň Be­re­ket et­ra­by­nyň çä­ginde ýerleşip, oňa döw­let ta­ra­pyndan bö­lü­nip ber­len ýer bö­le­gi­niň 50 gek­ta­ry­ny guş­çu­ly­ga ýö­ri­te­leşdi­ri­len des­ga­lar eýe­le­ýär. Bu ýer­de to­wuk eti we ýu­murt­ga­sy ön­dü­ril­ýär, ýö­ri­te in­ku­ba­tor­lar ar­ka­ly jüý­je­ler ýe­tiş­di­ril­ýär.

Kär­ha­na Türkmenistanda he­re­ket ed­ýän ýu­murt­ga ugur­ly guş­çu­lyk top­lum­la­ry­nyň 60 gö­terimden gow­ra­gy­ny ýu­murt­ga ugur­ly ene­lik to­wuk­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dirmek üçin ni­ýet­le­nen jüý­je­ler bi­len üp­jün ed­ýär.

Ýyl­lyk kuw­wat­ly­ly­gy­ 8­ müň ton­na to­wuk eti­ni ön­dürmäge ukyply bö­lüm­de 15 mil­lion azyk­lyk, 15 mil­lion to­hum­lyk ýu­murt­ga öndür­mä­ge ni­ýet­le­nen uly guş­çu­lyk top­lum­la­ryn­da hem iş­ler talaba­laýyk al­nyp ba­ryl­ýar.

Azyk­lyk ýu­murtga ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen top­lum­da ýu­murt­ga ugur­ly ene­lik to­wuk­la­ryň 260 mü­ňe go­la­ýy ide­di­lip, olar­dan her gün­de 130­—­140 müň tö­were­gi ýu­murt­ga alyn­ýar. Kärhana gel­jek­de bu gör­ke­zi­ji­ni 240 mü­ňe ýe­tir­megi maksat edinýär.

Eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ýu­murtga­lar tä­ze­li­gi­ne ýurduň söw­da no­kat­la­ry­na ug­ra­dy­lyp, içer­ki sarp edi­ji­le­riň ösen is­le­gin­den peýda­lan­ýar. Şeý­le­de bu önü­miň içer­ki ba­zar­dan art­ýan bö­le­gi Ow­ga­nys­tana ug­ra­dy­lyp, ýa­kyn wagt­da onuň Ga­za­gys­tan, Gru­zi­ýa, Rus­si­ýa we Bir­le­şen Arap Emir­likle­ri ýa­ly ýurt­la­ra eks­por­ty­ny ýo­la goý­mak ug­run­da de­giş­li gu­ra­maçy­lyk iş­le­ri do­wam et­di­ril­ýär.

2022