“Nurly meýdan” daýhan hojalygynda enelik towuklaryň 16 müňe golaýyny idedilip, olardan her aýda inkubasiýa şertlerinde 200—250 müň aralygynda jüýje alynýar. Bu barada duşenbe güni çap edilen “Rysgal” gazetinde habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, daýhan hojalygy Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşip, oňa döwlet tarapyndan bölünip berlen ýer böleginiň 50 gektaryny guşçulyga ýöriteleşdirilen desgalar eýeleýär. Bu ýerde towuk eti we ýumurtgasy öndürilýär, ýörite inkubatorlar arkaly jüýjeler ýetişdirilýär.
Kärhana Türkmenistanda hereket edýän ýumurtga ugurly guşçulyk toplumlarynyň 60 göterimden gowragyny ýumurtga ugurly enelik towuklary ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen jüýjeler bilen üpjün edýär.
Ýyllyk kuwwatlylygy 8 müň tonna towuk etini öndürmäge ukyply bölümde 15 million azyklyk, 15 million tohumlyk ýumurtga öndürmäge niýetlenen uly guşçulyk toplumlarynda hem işler talabalaýyk alnyp barylýar.
Azyklyk ýumurtga öndürmäge niýetlenen toplumda ýumurtga ugurly enelik towuklaryň 260 müňe golaýy idedilip, olardan her günde 130—140 müň töweregi ýumurtga alynýar. Kärhana geljekde bu görkezijini 240 müňe ýetirmegi maksat edinýär.
Ekologiýa taýdan arassa ýumurtgalar täzeligine ýurduň söwda nokatlaryna ugradylyp, içerki sarp edijileriň ösen isleginden peýdalanýar. Şeýlede bu önümiň içerki bazardan artýan bölegi Owganystana ugradylyp, ýakyn wagtda onuň Gazagystan, Gruziýa, Russiýa we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlara eksportyny ýola goýmak ugrunda degişli guramaçylyk işleri dowam etdirilýär.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


