Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirlen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli Permana gol çekip, Nazar Halnazarowiç Agahanowy Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Nazar Agahanow bildirilen ýokary ynam üçin minnetdarlyk bildirip, öňde goýlan wezipeleri netijeli ýerine ýetirjekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, söwda ulgamynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmagyň, söwda hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy.
Mejlisiň dowamynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurduň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi we ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, birnäçe ýolbaşçylaryň we welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





