Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (TDHÇB) müşderiler üçin täze onlaýn ulgam — “Şahsy otagyň” synag görnüşini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Taslama Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň hem-de 2021–2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçirilýär.
Täze ulgam häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak arkaly berilýän hyzmatlaryň aç-açanlygyny, elýeterliligini we netijeliligini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
“Şahsy otag” platformasyny ulanyjylar bilen has amatly we çalt aragatnaşyk gurmagy üpjün edip, Türkmenistanyň birža infrastrukturasynyň sanlaşdyrylmagynda nobatdaky ädim bolar.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


