TDHÇMB-niň sişenbedäki söwdalaşyklary: eksport geleşikleri $92,5 milliondan geçdi

BT
TDHÇMB-niň sişenbedäki söwdalaşyklary: eksport geleşikleri $92,5 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat şäheri, Türkmenistan. (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) sişenbe güni geçirilen söwdalaşyklarynda umumy bahasy $92 million 614 müň 620 deň bolan eksport geleşikleri baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Owganystanyň, Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy $92 million 614 müň deň bolan “B” kysymly karbamid hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Gyrgyzystandan gelen işewürler bolsa nah matasyny satyn aldylar.

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda jemi 30 geleşik hasaba alyndy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

2022