Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) sişenbe güni geçirilen söwdalaşyklarynda umumy bahasy $92 million 614 müň 620 deň bolan eksport geleşikleri baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Owganystanyň, Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy $92 million 614 müň deň bolan “B” kysymly karbamid hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Gyrgyzystandan gelen işewürler bolsa nah matasyny satyn aldylar.
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda jemi 30 geleşik hasaba alyndy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


