Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) iýul aýynyň 21-den 26-sy aralygynda söwdalaryň jemi bahasy $95 million 517 müň 62 barabar boldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Ermenistanyň, Gonkongyň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür düzüminiň wekilleri gatnaşyp, “B” kysymly karbamid, suwuklandyrylan gaz, pagta süýümi, nah ýüplükleri, nah matalary, dürli ölçegli orta öwüşgünli boýalan sütükli önümler, şeýle-de nah galyndylaryny daşarky bazarda satyn aldylar.
Içerki bazar üçin bolsa TP D 30 S kysymly polipropilen, SN-180 kysymly başlangyç ýagy, garyşyk parafin gaçy, dürli ölçegli düz (float) aýnalary we nah ýüplük galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 87 million 107 müň manatdan gowrak boldy. Hasabat döwründe TDHÇMB-de 19 geleşik baglaşyldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


