“Türkmen ýyldyzy” hojalyk jemgyýeti önümçilik ugruny giňeldip, Gerim haryt nyşanly 1,5, 3 we 5 metr uzynlykda elektrik uzaldyjylaryň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň anna gününde çap edilen sanynda habar berildi.
Kompaniýa elektrik beketleriniň, howa we kabel liniýalarynyň taslamasyny taýýarlamak, olaryň abatlanylmagy we sazlanmagy, elektrik enjamlarynyň we akkumulýatorlaryň barlagy, şeýle-de elektrodwigatelleriň we transformatorlaryň abatlaýyş işleri bilen meşgullanýar. Mundan başga-da, kompaniýa dürli önümçilik ugurlaryny hem ösdürýär. Ol metalkonstruksiýalary, demirbeton önümleri, elektrik simleri we kabelleri öndürýär.
Kärhana her aýda 1 müň 300 kilometre çenli izolirlenen we 107 kilometre çenli izolirlenmedik alýumin simleri bilen kabelleri öndürýär. Önümler "Gerim" haryt nyşany bilen bazara çykarylýar we olaryň hil derejesi ýörite laboratoriýa synaglary arkaly barlanylýar.
Häzirki wagtda kompaniýa 40-a golaý önümi öndürýär we elektrik uzaldyjylarynyň önümçiligine başlamak bu ugurda täze bir ösüş bolup durýar. Käbir bölek detallar häzirlikçe daşary ýurt üpjün edijilerinden satyn alynýar. Kärhanada elektrik geçirijileriniň izolýasiýasy hem-de tok wilkalarynyň plastmassa gabyklarynyň öndürilmegi üçin döwrebap enjamlar ornaşdyrylandyr.
Önümçilik prosesi Germaniýa, Awstriýa we Ýaponiýadan getirilýän ýokary tehnologiýaly elektrik enjamlarynyň esasynda amala aşyrylýar. Kompaniýa geljekki meýilnamalarynda mis simleriniň önümçiligine girişmegi meýilleşdirýär. Mis simleriniň synag partiýasy taýýarlanyldy we häzirki wagtda degişli sertifikasiýa resminamalaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
“Türkmen ýyldyzy” kompaniýasynyň 2009-njy ýylda esaslandyryldy. Kärhananyň hünärmenleri Balkan we Daşoguz welaýatlarynda ýerleşýän elektrik beketlerinde gurlan desgalaryň işe girizilmegine gatnaşdylar, şeýle hem Türkmenabat şäherindäki glisirrizin turşusyny öndürýän zawodyň elektrik ulgamynyň doly işlemegini üpjün etdiler.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


