“Arkadag Klasteri Menejment” kärhanasy çagalaryň sagdyn ösmegi üçin zerur bolan witamin toplumyny öndürmegi maksat edinýär. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň şenbe güni Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda habar berildi.
Importyň ýerini tutýan bu täze önüm çaga iýmiti önümçiligini içerki bazarda giňeltmek boýunça alnyp barylýan işlerde möhüm ädim bolar, diýip Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, aýakgap örtüklerini we beýleki saglyk maksatly serişdeleri öndürýär.
Şeýle-de Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda “Arkadag Medisina Klasteri” toplumynyň gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Toplum derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýasyny we enjamlaryny işläp taýýarlamak, döwrebap bilim bermek hem-de raýatlaryň saglygyny goramak boýunça ylmy işleri alyp barmaga niýetlenen innowasion merkez bolup hyzmat eder we bu ýerde iň kämil dünýä tejribeleri ulanylar.
"Arkadag Medisina Klasteri" kärhanasynyň önümçilik mümkinçilikleri diňe bir içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem gönükdirilendir. Munuň bilen birlikde, ýerli çig malyň ulanylmagy we ekologiýa taýdan arassalyk esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenýär, diýip Türkmenistanyň Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow belleýär.
“Arkadag Medisina Klasteri” — ylmy esasda derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýalaryny we enjamlaryny ösdürmek, şeýle-de çagalaryň saglygyny goramak boýunça dünýä tejribesini ulanmak maksady bilen döredilen innowasion taslamadyr.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


