2025-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän hususy “Zürýada Hyzmat” kärhanasynda 5 million litrden gowrak alkogolsyz gazlandyrylan içgiler hem-de 8 million 750 müň litr gaplanan arassa agyz suwy öndürildi. Bu barada sişenbe güni “Türkmenistan” gazeti habar berdi.
Balkanabadyň golaýynda ýerleşýän kärhana ýylda gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň 8,5 million litrini we gaplanan arassa agyz suwunyň 15 million litrden gowragyny öndürmäge ukyplydyr. Kärhana Hytaý, Russiýa Federasiýasy we Germaniýa döwletlerinden getirlen döwrebap tehnologiki enjamlar bilen üpjün edilendir. Önümler Türkmenistanyň dürli künjeklerindäki söwda nokatlaryna yzygiderli ugradylýar.
Önümçilikde esasy çig mal hökmünde Bereket etrabyndaky Ýasga ýerasty kölünden alynýan agyz suwy ulanylýar. Ol ýörite ulgamlaryň kömegi bilen iki tapgyrda süzgüçler arkaly arassalanýar we gaplanan arassa suwda hem-de gazlandyrylan içgilerde peýdalanylýar.
Gazlandyrylan içgilere tebigy hoşboý ys beriji şireleri goşulýar we soňra önüm dürli ölçegli gaplara gaplanyp, sarp edijilere hödürlenýär. Bu gaplar ýerli telekeçiler tarapyndan öndürilýär.
Kärhana häzirki wagtda önümçilik kuwwatyny giňeltmek işlerini dowam edýär. Bu bolsa ýurduň hususy pudagynyň ösüşine we ykdysady durnuklylygyna uly goşant goşýandygyny görkezýär.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


