“Abraýly dostlar” kärhanasy "ERTE" haryt nyşanly matalarynyň önümçiligini ýola goýdy

BT
“Abraýly dostlar” kärhanasy "ERTE" haryt nyşanly matalarynyň önümçiligini ýola goýdy
"Abraýly dostlar" kärhanada ERTE matalarynyň öndürilmegi (Surat: "Abraýly dostlar")

“Abraýly dostlar” hususy kärhanasy täze “ERTE” haryt nyşanly matalaryň önümçiligini ýola goýdy. Kärhana polipropilen sapagyndan başlap taýýar mata çenli doly utgaşykly önümçilik çözgütlerini hödürleýär. Bu bolsa önümçiligiň her tapgyrynda hil gözegçiligini geçirmäge we bazaryň isleglerine çalt uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär. Bu barada kärhananyň wekilleri “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdiler.

Kärhana “ERTE” haryt nyşanly matalaryň üç görnüşini hödürleýär. Kärhanada "ERTE In" — öý mebeli we ýassyklar üçin matalar, "ERTE Out" — bag we howly mebelleri üçin matalar, "ERTE Tech" — oba hojalykda we senagatda ulanylýan tehniki we geotekstil matalar öndürilýär.

Önümçilik dolulygyna Türkmenistanda ýerleşýär we döwrebap Ýewropa enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, halkara hil standartlaryna laýyk gelýär.

"Abraýly dostlar" kärhanasy polipropilenden multifilament teksturirlenen, tow berilen we tehniki ýüplükleri hem öndürýär. Kärhananyň önümleri Italiýa, Özbegistan, Türkiýe, Belarus Respublikasy, Niderland Patyşalygy, Braziliýa, Beýik Britaniýa we Wenesuela ýaly ýurtlara üstünlikli eksport edilýär.

2022