Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň Ankara köçesiniň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplaryň bäsleşik teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Bäsleşik teklipleri 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabryna çenli kabul ediler.
Ankara köçesi "10 ýyl Abadançylyk", "Arçabil" we "Atamyrat Niyazow" şaýollary hem-de "Oguzhan" köçesi bilen kesişýär. Köçe öň "Ýubileýnyý" diýip atlandyrylypdy, soňra Türkiýäniň paýtagtynyň hormatyna Ankara köçesi diýlip täzelendi.
Şeýle hem häzirki wagtda Aşgabatda “Bitarap Türkmenistan” şaýolunda hem giň gerimli düýpli abatlaýyş işleri dowam edýär.



30625-495x4352.jpeg)





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


