Ýanwar–iýun: Türkmenistanyň Mangistau oblasty bilen söwda dolanyşygy $9,2 milliona ýetdi

BT
Ýanwar–iýun: Türkmenistanyň Mangistau oblasty bilen söwda dolanyşygy $9,2 milliona ýetdi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ammarynda ýük daşamalaryndan bir pursat. (Surat: customs.gov.tm)

Şu ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň Mangistau oblastynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 9 million 200 müň ABŞ dollaryna deň bolup, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19 göterim ýokarlandy.

Degişli döwürde Mangistau oblastyndan Türkmenistana eksportyň möçberi 2 million ABŞ dollaryna, Türkmenistandan importyň möçberi bolsa 7,2 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Mangistau oblastynyň häkimligi penşenbe güni habar berdi.

Häzirki wagtda Mangistau sebitinde türkmen telekeçileriniň gatnaşmagynda 20 sany bilelikdäki kärhana hereket edýär. Olar esasan gara we reňkli metallaryň söwdasy, gurluşyk işleri hem-de gurluşyk daşlarynyň öndürilişi bilen meşgullanýarlar.

Hasabatda görkezilişi ýaly, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 554 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Geljekde taraplar özara söwdanyň möçberini $1 milliarda ýetirmegi maksat edinýärler.

2022