Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe günündäki söwdalaşyklarynda nebit-himiýa önümleri uly islegden peýdalandy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri suwuklandyrylan gazy we ýakyş mazudyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 9 million 739 müň 600 ABŞ dollaryna deň boldy.
Şeýle hem ýerli telekeçiler jemi bahasy 2 million 759 müň 400 manat bolan jinsi jalbarlaryny we pagta ýüplügini satyn aldylar.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


