Sentýabr II hepde: TDHÇMB-de 32 geleşik hasaba alyndy

BT
Sentýabr II hepde: TDHÇMB-de 32 geleşik hasaba alyndy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDHÇMB)

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda jemi 32 geleşik hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen turbalary satyn aldylar.

Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň, Serbiýanyň telekeçilerine aşgarlanmadyk mata, jins önümleri, buýan köki we buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. TDHÇMB-de geçen hepde daşary ýurt walýutasynda geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 10 million 409 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler tehniki uglerod, başlangyç ýag, ýol gurluşygynda ulanylýan nebit bitumy, nah ýüplügi, buýan kökünüň goýy ekstraktyny we ýod erginini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi möçberi 59 million 907 müň manatdan hem geçdi.

1994-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurduň eksport-import amallaryny düzgünleşdirýän esasy gurama bolup çykyş edýär.

2022