Türkmen kompaniýalary Dubaýdaky “ISM Middle East 2025” sergisine gatnaşýar

BT
Türkmen kompaniýalary Dubaýdaky “ISM Middle East 2025” sergisine gatnaşýar
"ISM Middle East 2025“ sergisinde "Hojaly” kompaniýasynyň diwarlygy, 2025-nji ýylyň 16-njy sentýabry, 2025, Dubaý, BAE (Surat: BT)

15–17-nji sentýabr aralygynda Dubaýdaky Halkara söwda merkezinde geçirilýän “ISM Middle East 2025” sergisine Türkmenistanyň meşhur azyk brendleri — “Täze aý”, “Bars”, “Hasar” we “Kilwan” gatnaşýar.

Bu halkara sergi Ýakyn Gündogar, Afrika we Aziýa ýurtlarynyň öňdebaryjy şokolad, süýji we garbanyş öndürijilerini, täze önümçilik ugurlaryny hem-de pudagyň hünärmenlerini bir ýere jemleýär.

“ISM Middle East” diňe bir söwda meýdançasy bolman, eýsem täze hyzmatdaşlary tapmak, tejribe alyşmak, innowasion önümleri tanyşdyrmak we işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin mümkinçilik döredýän meýdança hökmünde tanalýar. Serginiň dowamynda geçirilýän duşuşyklar we baglaşylýan şertnamalar dünýäde şokolad we garbanyş senagatynyň ösüşine täze badalga berýär.

Türkmen kompaniýalary halkara sergilere yzygiderli gatnaşyp, önümlerini giň halkara bazarlarda tanatmaga uly ähmiýet berýärler. Şu hepde, 16–19-njy sentýabrda Moskwada geçirilýän “WorldFood Moscow 2025” sergisinde hem türkmen azyk öndürijileri öz önümlerini hödürlärler.

2022