“Gök Saraý” kärhanasy üç gatly nah sapaklarynyň önümçiligini ýola goýdy

BT
“Gök Saraý” kärhanasy üç gatly nah sapaklarynyň önümçiligini ýola goýdy
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde "Gök Saraý" kompaniýasynyň diwarlygy, 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän “Gök Saraý” kärhanasy täze üç gatly nah sapaklarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada kompaniýanyň wekili “Biznes Türkmenistan” internet neşirine Aşgabatda Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ykdysady üstünlikleriň sergisinde beren interwýusynda aýtdy.

Sapak köp tapgyrly tehnologiýa boýunça taýýarlanylýar: pagta arassalanýar, saýlanýar, garyşdyrylýar, soňra süýümler tekizlenip, inçeldilýär we sapak görnüşine getirilýär. Soň üç sany sapak birleşdirilip, ters ugurda tow berlip işilýär. Şeýle iş usuly taýýar sapagyň berkligini we durnuklylygyny üpjün edýär.

Kompaniýa müşderileriň islegine görä ýörite sargyt esasynda hem ýüplük öndürýär. “Gök Saraý” esasan iki görnüşdäki önüme ýöriteleşýär: halkalaýyn usulda taýýarlanylýan ýüplük we tow berlen ýüplük. Önümleriň ýokary hilini üpjün etmek üçin kärhana pagtany özi ösdürip ýetişdirýar we önümçilikde şol pagtany ulanýar.

Kärhana ýylda 5 müň tonna önüm öndürmäge ukyplydyr.Taýýar önümler Türkiýä, Russiýa, Ýewropa ýurtlaryna we Özbegistana eksport edilýär.

2022