Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy Fizulide metjit gurmagy maliýeleşdirer

THP
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy Fizulide metjit gurmagy maliýeleşdirer
"Hezreti Omar" metjidi, Aşgabat, Türkmenistan

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde metjit taslamasyny we gurluşygyny maliýeleşdirer. Degişli şertnama hususy türkmen kärhanasy "Aga-gurluşyk" bilen baglaşyldy.

Bu karar, gaznanyň ynsanperwer işiniň gerimini giňeltmegiň we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň aýdyň nyşany boldy.

Şertnama Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça gol çekildi.

Mundan başga-da, gazna "Sport ýyldyzy" kärhanasy bilen Türkmenistanda "Jahan" döredijilik merkeziniň we "Şehitler" metjidiniň binalaryny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem täze köpugurly sport toplumyny gurmak boýunça şertnama baglaşdy.

Çeşme: THP

2022