Oktýabryň I hepdesi: TDHÇMB-de 35 geleşik hasaba alyndy

TDH
Oktýabryň I hepdesi: TDHÇMB-de 35 geleşik hasaba alyndy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat (Surat: TDHÇMB)

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň telekeçilerine ýoduň ergini, buýan kökünden taýýarlanan çaý içgisi, nah ýüplük we nah mata ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 31 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 34 million 636 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem pagta süýümini satyn aldylar.

Çeşme: TDH

2022
ENG TM РУС