2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Aşgabatda türkmen-horwat işewürler maslahaty geçirildi. Işewürler maslahaty Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnaldy.
Maslahatyň işine gatnaşmak üçin Horwatiýanyň döwlet düzümleriniň we dürli ugurlar boýunça ýöriteleşen belli kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistana geldi. Türkmen tarapyndan işewür duşuşyga ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri we agzalary gatnaşdylar.
Maslahatyň maksady söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny kesgitlemekden, iki ýurduň telekeçiler düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybaratdyr.
Çäräniň başynda Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerini tanyşdyryş wideofilmi görkezildi.
Myhmanlaryň çykyşlarynda işewür toparlarynyň häzirki döwürde ykdysady ösüşiň okgunly depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ymtylýandygy tassyklanyldy. Işewürler giň gerimli milli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýdyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy tegelek stol görnüşindäki türkmen-horwat işewürler maslahatynyň örän netijeli we işjeň geçip, iki ýurduň işewür toparlarynyň we hökümet wekilleriniň arasynda göni gatnaşygyň ýola goýulmagynyň geljekki hyzmatdaşlyk üçin berk binýat döredendigini belledi.
Maslahatyň yzysüre ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça has-da anyk ylalaşyklara gelmek maksady bilen «B2B» we «B2G» duşuşyklary gurnaldy. Uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda ýola goýlan bu maslahat iki döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkemegine we giňeldilmegine täzeden itergi berjekdigini maslahata gatnaşyjylar uly ynam bilen bellediler.
Çeşme: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy








30437-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


