Çarşenbe güni, 15-nji oktýabrda birža söwdalarynda daşarky bazarda Serbiýa Resbuplikasynyň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň gury ekstraktyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni, Dokma senagaty ministrliginden dokma önümçiligi üçin öndürilen 2-sort agardylmadyk ýekegat nah ýüplügi, 12 unsiýa jins matasyny we dürli inlerde - agyr flanel - 100% p/s nah matany satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 819 000,00 ABŞ dollaryna we 47 598 500,00 manada deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


