Hepdäniň wakalary — täze taslamalar we pugtalanýan hyzmatdaşlyklar

BT
Hepdäniň wakalary — täze taslamalar we pugtalanýan hyzmatdaşlyklar
Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy.

Geçen hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny has hem pugtalandyrmak we ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe ýokary derejeli duşuşyklar geçirildi we ykdysady başlangyçlar ýola goýuldy.

Russiýa: strategik we ykdysady hyzmatdaşlyk

13-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi. Duşuşykda türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Taraplar bilim, oba hojalyk, atçylyk, gümrük we haryt biržalary ýaly ugurlarda birnäçe resminama gol çekdiler we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Günorta Koreýa: senagat we “ýaşyl” tehnologiýalar

14-nji oktýabrda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.”kompaniýasynyň başlygy Çon Won-ju bilen duşuşdy. Duşuşykda ekologiýa taýdan arassa senagat taslamalary, şol sanda gowaça çöpünden metanol öndürmek mümkinçiligi barada pikir alşyldy.

Şeýle hem, “Daewoo” kompaniýasy “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň taslamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. 15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki ýurdumyzyň himiýa pudagyna degişli bu täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu himiýa kärhanasy ýylda 350 müň tonna superfosfat, 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndürer.

BMG bilen hyzmatdaşlyk we ykdysady modernizasiýa

17-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak, himiýa senagaty desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler, milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat, şeýle hem “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly XXX halkara forum mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Mejlisiň gün tertibinde “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna” gutarnykly görnüşde seredildi we ol deslapdan makullanyldy. Şeýle hem, döwlet Baştutanymyz mejlisde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy”atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. “Munuň özi “Awaza”milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň uly ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mejlisde “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy hem tassyklanyldy.

Gazagystan: sebitara geçelgeler we innowasiýalar

17-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi. Duşuşykda söwda, ulag geçelgeleri, sanlylaşdyrmak, innowasiýalar we ekologiýa hyzmatdaşlygy ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Innowasiýalaryň ykrar edilmegi we UNESCO bilen hyzmatdaşlyk

Geçen hepdede Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu altyn medal oýlap tapyjylyk we patent işine goşan goşandy üçin berilýär.

BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi hem geçirildi. Onda ýurdumyzda geoseýilgähi döretmegiň we ony ÝUNESKO-nyň Ählumumy geoseýilgähler toruna girizmegiň mümkinçilikleri, şeýle-de ylmy hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022