Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
[…]
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň nusgalyk şäheri derejesine eýe bolan Arkadag şäherine geldi.
[…]
Soňra lukman Arkadagymyz täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklaryny synlady. Önümçilik toplumynyň binalarynda alnyp barylýan işleriň, önümçilikde ulanylýan çig mallaryň ýokary hilli bolmagy, önümçilik galyndylarynyň talabalaýyk gaýtadan işlenilmegi möhüm talap bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde önümçilikleriň ýerli ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyna täsirini ýetirmezden alnyp barylmalydygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.
Soňra Milli Liderimiz Arkadag şäherinde häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan desgalaryň gurluşyk ýerine tarap ugrady.
Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyryň gurluşygynyň batly depginde alnyp barylýan ýerine gelip, bu ýerde şekil taslamalary bilen tanyşdy. Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de hasaba alyş gullugynyň binalarynyň, Arkadag şäherinde gurulýan muzeýiň içki bezeg işleriniň, onuň sergi bölümleriniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.
Milli Liderimiz görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Gahryman Arkadagymyz durmuş we önümçilik maksatly binalaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de hasaba alyş gullugynyň teklip edilýän binalarynyň şekil taslamalaryny synlady. Binalarda işleri sazlaşykly alyp barmak üçin ähli zerur şertler döredilmelidir we toplumyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidir. Munuň özi awtoulaglara edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün eder.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň muzeýiniň içki bezeg işlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Muzeýiň enjamlaşdyrylyşy, onda ýola goýuljak hyzmatlar bu ýere gelýänlerde oňyn täsirleri galdyrmalydyr. Umuman, täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir we gurluşyklaryň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna hemmetaraplaýyn ähmiýet berilmelidir.
Arkadag şäheriniň çäklerinde guruljak täze binalaryň we desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýokary ekologiýa ýagdaýynyň saklanmalydygyny aýtdy.
[…]
Источник: TDH



30625-495x4352.jpeg)





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


