Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesinde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän kömelek ýyladyşhanasy açyldy. Bu barada “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň penşenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.
Ýyladyşhana, ýarym gektardan artyk meýdany tutup, sekiz kameradan we döwrebap enjamlar we sowadyjy ulgamlary bilen üpjün edilen kömekçi jaýlardan ybarat.
Ýyladyşhanada weşenka kömelekleri 28 günde ýetişýär. Bu ýerde her gün 50–60 kilogram ekologiýa taýdan arassa we ter kömelek ýygnalýar we içerki bazaryň sarp edijilerine ýetirilýär.
Geljekde kärhana önümçiligini giňeltmegi meýilleşdirýär. Hasylyň bir bölegini işläp taýýarlamak, ony konserwirläp, cüýşe gaplara gaplamak üçin häzirki wagtda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýörite desgalar taýýar edildi. Geljekde bu kömelekleri daşary ýurtlara eksport edilmegi meýilleşdirilýär.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


