Türkmenistan Germaniýany ekologiýa taýdan arassa tekstil önümlerini Ýewropa bazaryna hödürlemäge çagyrdy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasary Nokerguly Atagulyýew 30–31-nji oktýabrda Frankfurtda geçirilen “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri” atly forumyň çäginde belledi.
Wise-premýeriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda ýurduň tekstil senagatynda öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen takmynan 60 sany häzirki zaman kärhanasy hereket edýär we olaryň önümçiliginiň 70%-e çenli daşary ýurtlara eksport edilýär.
Atagulyýewyň bellemegine görä, Türkmenistan dokma pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmagy maksat edinip, täze we ýokary hilli tehnologiýa enjamlary gurýan Germaniýanyň inženerçilik kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


