Balkanabat şäheri Eýranyň Gülüstan welaýatynyň önümlerini görkezmek üçin meýdança bolar

BT
Balkanabat şäheri Eýranyň Gülüstan welaýatynyň önümlerini görkezmek üçin meýdança bolar
"Iran Agrofood" atly ýöriteleşdirilen sergisi, 2024-nji ýylyň 16-njy dekabry, Aşgabat, Türkmenistan

Balkanabat şäherinde 20–22-nji noýabr aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport harytlarynyň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Gurnaýjylaryň bellemegine görä, sergi Gülüstan welaýatynda öndürilýän önümleri giň jemgyýete tanatmagy hem-de Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky syýasy-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegi maksat edinýär.

Serginiň meýdançasynda Gülüstan welaýatynyň öňdebaryjy önümçilik kärhanalary dürli görnüşli harytlary we hyzmatlary bilen tanyşdyrarlar.

2025-nji ýylyň 5–7-nji maýy aralygynda bolsa Eýranyň Gürgen şäherinde türkmen harytlarynyň giň gerimli sergisi geçirilipdi.

2022