Türkmenistanda “Wirtual aktiwler hakynda” Kanun kabul edildi

BT
Türkmenistanda “Wirtual aktiwler hakynda” Kanun kabul edildi
Maýning fermasy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Wirtual aktiwler hakynda” Kanuna gol çekdi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň anna günündäki sanynda habar berilýär.

Täze Kanun wirtual aktiwleri ulanmak we bu ugurda iş alyp barmak üçin hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Resminama Türkmenistanda wirtual aktiwler bilen bagly ähli işleriň tertibini düzgünleşdirýär.

Şu Kanun Türkmenistanda wirtual aktiwleriň döredilmegi, goýberilmegi, saklanylmagy, ýerleşdirilmegi, ulanylmagy we dolanyşygy babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de olaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Kanunda blokçeýn, sanly tokenler, özara çalşylmaýan tokenler (NFT), maýning, maýning enjamlary, smart-şertnamalar ýaly möhüm düşünjeler giňişleýin beýan edilýär. Şeýle hem maýningiň görnüşleri — senagat we hususy maýning — aýratyn görkezilýär. Mundan başga-da, wirtual aktiwleriň alyş-çalyş hyzmatlaryny ýerine ýetirýän operatorlara we kriptobiržalara bildirilýän talaplar hem anyk kesgitlenýär.

Bu kanun gymmat bahaly kagyzlara we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gymmat bahaly kagyzlar diýlip kesgitlenilen beýleki maliýe gurallara, Türkmenistanyň bank kanunçylygy bilen kesgitlenilýän pullara, elektron pul serişdelerine, ätiýaçlyklara, goýumlara (depozitlere), humarly oýunlara degişli däldir.

Wirtual aktiwler ulgamyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we wirtual aktiwler bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2022