Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly medal bilen sylaglandy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly medal bilen sylaglandy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlarynyň toplumy bilen sylaglandy.

Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Bu barada “Watan habarlary” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bu sylag Türkmenistanyň ösüşine goşan uly goşandy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk binýadynyň berkidilmegi, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, maksatnamalaýyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy, şeýle hem döwletler we halkara düzümler bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmak, halklaryň arasynda parahatçylygyň, dostlugyň we doganlygyň köprülerini gurmak ugrunda bitiren hyzmatlary üçin berildi.

Türkmenistanyň “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medaly 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda döredildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС