Türkmenistan Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) sebit başlangyjyna gatnaşýan ýurtlaryň hataryna goşuldy. Bu başlangyç tebigy serişdeleriň esasynda uglerod zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen çözgütlere hususy maýa goýumlaryny çekmegi maksat edinýän tebigy serişdeleriň söwdasyny ösdürmek platformasyny döretmegi we dolandyrmagy göz öňünde tutýar.
Aziýa ösüş bankynyň habar bermegine görä, başlangyjyň durmuşa geçirilmegi bankyň Tehniki kömek boýunça ýörite gaznasyndan bölünip berlen 1,5 million ABŞ dollary möçberindäki maýa serişdesi arkaly goldanylar.
Taslama 40-dan gowrak ýurdy birleşdirer. Olaryň hatarynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan bar. Platforma gatnaşmak tebigy serişdelerden peýdalanmak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi hem-de howa şertlerine gönükdirilen çözgütleri ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.
Platforma çalt ösýän ösümliklerden we täzeden dikeldilýän biologik serişdelerden alnan tebigy serişdeleriň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdiriler.
Habarda bellenilişi ýaly, tehniki kömek ekosistemalara baha bermegi, synag taslamalary durmuşa geçirmegi hem-de giň gerimde ulanyp boljak hyzmatdaşlyk modelini kemala getirmegi öz içine alýar. Munuň netijesinde sebitde tebigy serişdeler senagatynyň ösüşini çaltlandyrmak, wençur maýa goýumlaryny çekmek hem-de “ýaşyl” çözgütlere hususy maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak mümkin bolar.


















